logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MEDENIÝET HALKYŇ RUHY BAÝLYGY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Arkadag şäher geňeşi bilen bilelikde guramagynda «Medeniýet halkyň ruhy baýlygy» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýet ulgamynda alyp barýan uly işleri barada şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň güni we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän we geçiriljek dabaraly çäreler dogrusynda bellenilip geçildi.

Çäräniň ahyrynda ylym-bilim öwrenmekde, medeniýetimizi, milli mirasymyzy, edebiýatymyzy dünýä ýaýmak üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.