logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MEDENIÝET - HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-yndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet - halkyň ruhy şamçyragy» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler her güni şatlyk-şowhuna, täsin wakalara beslenýän günlerde Medeniýet hepdeligi türkmen halkynyň agzybirligini, ruhybelentligini milli medeniýetine bolan buýsanjyny açyp görkezýän baýramçylykdygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Medeniýet hepdeligi halkymyzyň döredijilik ruhyny ösdürýän, täze zehinleri ýüze çykarýan, olara giň ýol açýan, milli gymmatlyklarymyza bolan buýsanjymyzy artdyrýan, halkymyzyň kalbynda watançylyk duýgusyny döredýändigi we ösdürýändigi barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen medeniýetini, sungatyny dünýä ýaýmakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.