logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MEDENIÝET HEPDELIGIŇ ÇÄGINDE GEÇIRILEN «ŞASENEM-GARYP» OPERASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiz parahatçylyga, agzybirlige, abadançylyga we aýdym-sazly dabaralara beslenýär. Ýurdymyzda her ýyl däbe öwrülip geçirilýän Medeniýet hepdeligi mähriban diýarymyzda giňden bellenilýär. Medeniýet-sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni has joşgunly dabaraly geçirilýär we hepdeligiň çäginde geçirilýän çäreleriň gerimi ýyl-ýyldan artýar, many-mazmun taýdan baýlaşýar. 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda bu hepdelik Ahal welaýatynyň çäginde geçirilýär. 2013-nji ýyldan bäri ýurdymyzyň dürli künjeklerinde bellenilýän bu dabaraly çäreler milli medeniýetimiziň gymmatyny aýdyň açyp görkezýär. Hepdeligiň çäginde dürli medeni çäreler, konsertler, forumlar, döredijilik ýygnaklary, täze filmleriň görkezilişi we birnäçe maslahatlar türkmen medeniýetiniň baýlygyny açyp görkezýär.

Şeýle ajaýyp dabaralaryň biri-de 2025-nji ýylyñ 24-nji iýunynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirildi «Şasenem-Garyp» operasynyň görkezilmegidir. Bu sahnalaşdyrylan opera sungat ussatlary, medeniýet ulgamynda zähmet çekýän ildeşlerimiz we myhmanlar tomaşa etdiler. Ösüşiň batly gadamy bilen barýan ýurdymyzda Gahryman Arkadagymyzyñ başlangyjy bilen we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ tagallasy bilen milli teatr sungaty, şol sanda opera sungaty ösüşiň täze derejesine ýetdi.

Ussat türkmen kompozitory D. Öwezowyň we A. Şapoşnikowyň «Şasenem-Garyp» operasynyň birnäçe ýyllardan soñ sahnalaşdyrylmagy teatryň durmuşynda uly waka öwrüldi. Operanyň libretosyny adybir dessanyň esasynda G. Burunow ýazýar. Operanyň täzeden sahnalaşdyrylmagy bu türkmen opera sungatynyň ösüşiniň aýdyň subutnamasydyr. Opera saz eseriniň nepisligi, onuň baýlygy, milli öwüşgini hem-de duýgularyň ynandyryjylygy bilen tapawutlanýar. Sahna eseri bu ugruň muşdaklaryna bolşy ýaly, islendik tomaşaçy üçin ýakyn we düşnükli boldy. Özüniň kärine yhlasly çemeleşen Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri A. Batyrow operanyň täzeden sahnalaşdyrylmagyna özüniň yhlasyny siňdirip, halk köpçüligine ýetirmegi başardy. Päk söýgi, adalatlylyk hakynda söz açýan, halk aýdym-sazlaryň esasynda döredilen operada teatryň artistleri hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary, hor topary hyjuwly çykyş etdiler. Baş gahrymanlaryň keşbinde Türkmenistanyň at gazanan artistleri A. Seýitgulyýewa, B. Amanowa, Türkmenistanyň halk artistleri A. Garýagdyýew, A. Berdiýew, A. Amanow, şeýle-de D. Sarykow, B. Çerkezow, L. Orazduryýewa, A. Gylyjowa, P. Bakyýew, T. Saryýewa, B. Gaýypow, K. Esenow, A. Kakaýew, B. Nurmuhammedowa dagylar sahnada özleriniň ussatlyklary bilen çykyş etdiler. Gyzgyn söýgä beslenip tomaşa edilen operany Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri ýerine ýetiren sazlary diňleýjileri bada-bat özüne çekýär we olary sahna oýnunyň dünýäsine aralaşdyrýar. Eseriň sazly dramaturgiýasynda sahnanyň häzirki zaman mümkinçilikleri doly ulanyldy. Onuň dowamynda hor aýdymlary we horeografiýa pursatlary ýaýbaňlandyryldy. Köpugurly sahnanyň mümkinçilikleri onda janlandyrylýan wakanyň has-da ynandyryjy bolmagyny şertlendirdi. Bu görkezilen opera Türkmenistanyň at gazanan artisti R. Gylyjow dirižýorlyk etdi. Dirižýor öz ussatlygyny opera siňdirip, inçe duýgular bilen diňleýjilere ýetirmekligi başardy.

Köpçülikleýin dabara sahnasy oýnuň jemleýji tapgyryna öwrüldi. Artistleriň belent ruh bilen ýerine ýetiren aýdymlary milli medeniýetimiziň ösmegine we onuň giňden wagyz edilmegine goşýan goşandy hem-de yzygiderli aladasy üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallygyň nyşanyna öwrüldi. Dabaranyň ahrynda görkezilen opera üçin myhmanlar sag bolsun aýtdylar, şeýle-de opera ussatlaryna gül çemenleri bilen sylagladylar. Dabara gatnaşyjylar türkmen opera sungatynyň täze derejelere ýetmegi, baýlaşmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip beren Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.