logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MEDENIÝET WE SUNGAT IŞGÄRLERINIŇ HEM-DE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGRYÝET GÜNI

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýurdumyzda giňden bellenilýär. Bu baýramçylyk çäreleri medeniýetiň we sungatyň ähli görnüşlerini özünde jemlemek bilen birlikde, türkmen halkynyň köpasyrlyk döredijilik, ruhy tejribesini ýurdumyzda we dünýäde wagyz etmäge şert döredýär. Türkmenistan medeni ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär we bu ugurdaky hyzmatdaşlygy parahatçylygyň, halklaryň arasyndaky özara düşünişmegiň we ýakynlaşmagyň möhüm guraly diýip hasaplaýar. Türkmen halkynyň döreden gymmatly baýlyklary durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrülip, milli medeniýetimizi kemala getirýär.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Medeniýet, sungat, Magtymgulynyň döredijiligi – milli gymmatlyklaryň hazynasy» atly sergi gurnaldy. Sergide Magtymguly Pyragynyň hala çitilen keşbi serginiň görnükli ýerinde ýerleşdirilendir, şeýle-de XX asyryň başlarynda zergärleriň ýasan şaý-sepleri gülýaka, aý halka, bukaw, heýkel, dagdan, goşa asyk, üç goşma bilezik ýaly owadan şaý-sepler we häzirki zaman zergärçilik önümleri sergä bezeg berýär. Türkmenistanyň halk suratkeşleri Y.Gylyjowyň «Jadyly nagyşlar», Ş.Akmuhammedowyň «Halk döredijiligi» ýaly eserleri hem görkezilýär.

Serginiň dowamynda öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan ene-mamalarymyzdan miras galan, gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünäri bilen keşdelenen milli toý lybaslary ýaşyl, sary ak çyrpylar ussat suratkeşlerimiz W.Maýkowskiniň «Tans», N.Beknazarowyň «Çyrpyly narlar», A.Çakanowanyň «Milli mirasyň şuglasy» ýaly eserler bilen utgaşyp, sergä tomaşa etmäge gelenleri haýran galdyrýar.

Sergide şöhratly taryhymyzyň şaýady bolan binagärlik ýadygärliklerimizi wasp edýän G.Töräýewiň «Köneürgenç», G.Nurlyýewiň «Soltan Sanjar», «Şirkebir mаwzoleýi» «Mäne babanyň mawzoleýi» atly eserleri hem-de Türkmenistanyň Halk suratkeşi Ç.Amangeldiýewiň «Rodoguna», «Tomiris» ýaly nakgaş eserleri sergide öz beýanyny tapýar.

Türkmen halkynyň toý baýramlaryny bezeýän saz gurallaryndan dutar, gyjak, tüýdük, deprek ýaly gymmatlyklarymyz sergide görkezilýär.