logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Medeniýet sözünden döwür gülleýär

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, Bagtyýarlyk medeniýet köşgi hem-de 7-nji çagalar sungat mekdebiň bilelikde gurnamagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet sözünden döwür gülleýär» ady bilen aýdym-sazly medeni çäre geçirildi.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen medeniýetimiz we sungatymyz gün-günden pajarlap, belent derejelere ýetýändigi, medeniýet halkyň arasyndaky dostluk köprüsi bolup, ajaýyp zamanamyzda ata-babalarymyzdan galan baý medeni mirasymyzy öwrenmekde, dünýä ýaýmakda uly işler durmuşa geçirilýändigi barada çykyş etdiler. Garaşsyz Diýarymyzyň medeniýet ulgamynda gazanylan üstünlikleri, äleme ýaň salan wakalar kalbyňy buýsançdan doldurýar diýip buýsanç bilen beýan etdiler. Çäräniň dowamynda ýerine ýetirilen aýdym-sazlar baýramçylyk çäräniň täsirini artdyrdy.

Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy sazlaşykly ösüşler bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.