logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MEDENIÝET WE SUNGAT DÖREDIJILIGIŇ BAÝRAMY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet we sungat döredijiligiň baýramy» ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Medeniýet hem-de sungat – ruhy gözelligi, ajaýyplygy, gaýtalanmajak nepisligi, tämiz duýgy-düşünjeleri bir ýere birleşdirýän güýç bolup, ynsan kalbyny bitewilige çagyrýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de medeniýet adamzady parahatçylyga, dost-doganlyga, agzybirlige, ynanyşmaga çagyrýandygy barada beýan etdiler.

Çäräniň dowamynda halkymyzyň döredijilik medeniýetini bütin dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.