Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Gökderedäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýurdumyzda uly dabaralara beslenýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet we sungat – kalbyň joşguny» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanaçylar milli medeniýetimiz, sungatymyz we olaryň aýratynlygy barada täsirli gürrüňler etdiler. Ýurdumyzda medeniýet we sungat ussatlarymyza goýulýan hormat-sarpa barada hem aýratyn nygtaldy. Milli medeniýetimizi, sungatymyzy, halkymyzyň beýik geçmişini, şöhratly taryhymyzy ýaş nesillere wagyz etmäge döredilýän giň mümkinçilikler barada buýsançly gürrüňler etdiler. Gurnalan kitap sergisi hem aýratyn täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi ösüp gelýän ýaş nesillere milli medeniýetimizi, sungatymyzy, nusgawy edebiýatymyzy giňişleýin wagyz etmäge uly mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.