logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MEDENIÝET – YLHAM GÖZBAŞY, MAGTYMGULY PYRAGY – HALKYŇ RUHY ÇYRAGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet – ylham gözbaşy, Magtymguly Pyragy – halkyň ruhy çyragy» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler her ýylyň 22-27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýurdumyzda sungatyň toýy hökmünde bellenilýändigi we medeniýet hepdeligi türkmen toýuna mahsus guralyp, çeper döredijiligiň, sungatyň dürli görnüşleri boýunça medeni çärelere beslenmegi, ýatdan çykmajak täsirli pursatlary bagyşlaýandygy, şeýle-de medeniýet, sungat, döredijilik işgärlerini höweslendirmek maksady bilen döwlet tarapyndan ençeme bäsleşikler geçirilip Döwlet sylaglary bilen sylaglanylýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen medeniýetini, sungatyny dünýä ýaýmakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.