logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MEDENIÝET – YNSAN KALBYNYŇ NURY

Lebap welaýat kitaphanasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlap «Medeniýet – ynsan kalbynyň nury» atly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga welaýatymyzyň medeniýet ulgamynda köp ýyllardan bäri tapawutlanyp zähmet çekýän medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylar medeniýet we sungat äleminde ýetilen belent sepgitler barada gyzykly gürrüňler berdiler. Çäräniň dowamynda «Medeniýet halkyň ruhy baýlygy» ady bilen guralan kitap sergisine syn etdiler we ajaýyp pursatlarda medeniýet ulgamynda döredijilikli zähmet çekmäne giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.