logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MEDENIÝET – YNSAN KÖŇLÜNIŇ NURY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň «Medeniýet – ynsan köňlüniň nury» ady bilen sergi gurnaldy. Bu guralan kitap sergide türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary, şeýle hem biziň baý, köp görnüşli milli medeniýetimiz we sungatymyz, olaryň taryhy hakynda ýazylan kitaplar giňişleýin ýerleşdirildi. Kitaphana gelen okyjylar bu guralan sergiden özleriniň gerekli soraglaryna jogap tapdylar.