logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Medeniýetiň, döredijiligiň mekanydyr bu Diýar

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Ylham” seýilgähinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýetiň, döredijiligiň mekanydyr bu Diýar» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

Çärede çykyş edenler bedew bady bilen ösüşlere beslenýän Watanymyzda medeniýetiň we sungatyň döwrebap ösýän döwründe, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmaga, milli mirasymyzy, gadymy gymmatlyklarymyzy içgin öwrenmäge, dünýä ýaýmaga ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi barada gürrüň berdiler. Medeniýet adamzat jemgyýetiniň uzak ýyllaryň dowamynda gazanan ösüşleriň we gymmatlyklaryň jemidigi, ol adamlaryň ýaşaýyş derejesini, bilimini, sungatyny, ylmyny,däp-dessurlaryny öz içine alýandygy hakynda çykyş etdiler.

Çäräniň ahyrynda Medeniýet ulgamynyň gülläp ösmegi, halkyň ruhy dünýäsiniň galkynmasy we baý medeni mirasyny giňden öwrenmäge, dünýä ýaýmaga, geljekki nesillere ýetirmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.