logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Medeniýetiň, sungatyň–mekanydyr bu Diýar

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda «Medeniýetiň, sungatyň–mekanydyr bu Diýar» ady bilen kitap sergisi we aýdym-sazly çäre geçirildi.

Çärede çykyş edenler milli medeniýetimiz, däp-dessurlarymyz we ýol-ýörelgelerimiz türkmen halkynyň ýaşaýşynyň esasy özeni bolup, asyrlaryň dowamynda has berkäp, sünnälenip biziň döwrümize gelip ýetendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baý mirasymyzyň düýpli öwrenilmegine, wagyz edilmegine hem-de geljekki nesillerimize ýetirilmegi ugrunda taýsyz tagallalaryň edilýändigi barada beýan etdiler.

Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy we gurnalan kitap sergisi bilen tanyşdyryldy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda türkmen medeniýetiniň, sungatynyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegi ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.