logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MEDENIÝETIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ BAÝRAMY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy hem-de Gypjak,Ýasmansalyk medeniýet öýleri bilen bilelikde guramagynda Gypjak medeniýet öýünde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýetiň we döredijiligiň baýramy» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen medeniýet we sungat işgärleriniň günini dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýändigini, milli medeniýet, onuň däp-dessurlaryny we ýörelgelerini, türkmen halkynyň ýaşaýşynyň esasy özenidigi barada gürrüň berdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň öndümli işlemegi üçin ähli şertler döredilýändigi, döwletara gatnaşyklarynda medeniýet milletleri, birek – birege ýakynlaşdyrmakda uly orun eýeleýändigi, ýurdumyzda dünýä döwletleri bilen ysnyşykly medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygy barada çykyş etdiler.

Çäräniň ahyrynda Milli medeniýetimizi, däp – dessurlarymyzy giňişleýin öwrenmäge we ony dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.