logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Medeniýet–ynsan köňlüniň nury

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen medeniýeti, türkmen sungaty gülleýär, dünýä ýüzüne ýaň salýar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýylynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, şol sanda bilim ojagy bolan kitaphanalarda hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli söhbetdeşlikler, döredijilik duşuşyklary yzygiderli geçirilýär.Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Altyn asyr” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Medeniýet–ynsan köňlüniň nury” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik gurnaldy. Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzda geçirilýän şanly seneler, medeniýet hepdeliginiň ähmiýeti we akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hakynda söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bu günki günde beýik akyldaryň arzuwlan bagtyýar zamanasyny türkmen halkyna peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.