logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

Megri — Arkalaşygyň medeni paýtagty

Häzirki wagtda Ermenistan Respublikasynda Megri şäheriniň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreler dowam edýär. 14-18-nji apreli aralygynda Megri şäherinde geçirilýän bu medeni çärelere türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Çäräniň çäklerinde türkmen wekiliýetleri bag ekmek dabarasyna gatnaşdylar. Şeýle-de, Megri şäheriniň taryhy ýerlerine aýlanyp, halkyň medeni-mirasy bilen içgin tanyşdylar. Nar jülgesiniň gözelligini synladylar. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlarynyň guran sergisine aýlanyp gördüler.
Soňra türkmen wekiliýeti Megri şäheriniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen baýramçylyk konsertine gatnaşdylar.