logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MEKDEP KITAPHANALARYNYŇ IŞINI HAS-DA KÄMILLEŞDIRMEGIŇ WEZIPELERI WE ÝOLLARY Ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda medeniýet ulgamy hem ösdürilýär, kämilleşdirilýär. Medeniýet ulgamynyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan kitaphana ulgamynyň işini has-da k

Ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda medeniýet ulgamy hem ösdürilýär, kämilleşdirilýär. Medeniýet ulgamynyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan kitaphana ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek, giň okyjylar köpçüligini kitaphanalara çekmek, ösüp gelýän ýaş nesillerimizde kitaba bolan sögüni döretmekde, höwesi artdyrmakda uly işler durmuşa geçirilýär.Şu maksatdan ugur alnyp Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda çykaran Karary bilen «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny» durmuşa geçirmek hem-de bu Namalarda bellenilenleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen Balkan welaýat kitaphanasynda Balkan welaýat baş bilim müdirliginiň hem-de Balkan welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda «Mekdep kitaphanalarynyň işini has-da kämilleşdirmegiň wezipeleri we ýollary» atly mekdep kitaphanalarynyň kitaphana işgärleri bilen bilelikde usuly maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler kitaphanalaryň maddy enjamlaýyn üpjünçiligini kämilleşdirmek, kitaphanalara häzirki zaman ösen tehnologiýa enjamlaryny ornaşdyrmak, bitewi elektron kitaphana ulgamynyň işini hil we mazmun taýdan kämilleşdirmek, çagalara hyzmat edýän kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek, çagalaryň we mekdep okuwçylarynyň okamaga bolan höwesini elektron tehnologiýanyň mümkinçilikleri bilen utgaşdyrmak barada, kitaphana ulgamynda alynyp barýan işler, döredilýän mümkinçilikler, we ֿ«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» öňde goýulýan maksatlar dogrysynda giňişleýin söhbet etdiler.Umuman kitaphanaçylar ilkinji nobatda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasatyny wagyz edijiler bolup durýar.

Maslahatyň ahyrynda ýene bir ýola ata Watanymyzyň dünýä derejesinde gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, işlemegi, okamagy, döretmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bagtyýar halkymyzyň adyndan köp-köp sagbolsun aýtdylar.