logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MEKDEP OKUWÇYLARYŇ MUZEÝMIZE GEZELENJI

2025-nji ýylyň okuw ýylynyň başlanmagy bilen Mary ertabynyň Aşgabat geňeşligindäki taryhy muzeýine mekdep okuwçylar yzygiderli gezelenç etmäne gelýärler.

Okuwçylar muzeýe gezelenç etmek bilen obanyň taryhy bilen we birnäçe taryhy gymmatlyklar bilen giňişleýin tanyşýarlar. Muzeýdäki her bir ekisponatlar barada özlerinde döreýän soraglara giňişleýin düşinje alýarlar. Okuwçylaryň muzeýe gezelenç etmekleri olarda Watana bolan söýgini oýarmakda muzeýiň ähmiýeti ulydyr. Ösüp gelýän ýaş nesillerimiz öz mukaddes topragynyň, milletiniň şöhratly geçmişine, şu günine guwanýarlar we busanýarlar.

Taryhy gymatlyklarymyzy öwrenmäge we gorap saklamaga döredilip berilýän müňkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarmyza köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys.