logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MELHEMLER MEKANY TÜRKMENISTANYM

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri hemişelik okyjylary bilen «Melhemler mekany Türkmenistanym» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz ýurdumyzda nesil saglygyny goramakda edilýän aladalar barada buýsançly gürrüňler etdi. Şeýle-de saglygyň tebigatymyzyň ynsana eçilen nygmatydygyny, howanyň sowamagy bilen ýyly geýinmegiň, dogry iýmitlenmegiň hem-de şypaly çaýlary içmegiň ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Çaý–melhem hem ylham» atly ajaýyp eserlerinde örän peýdaly maglumatlaryň bardygy buýsanç bilen bellenildi. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltlik eseriniň XVII tomynyň neşir edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirilmegi, bu ajaýyp eserde orun alan dermanlyk ösümlikleriň aýratynlyklary, keselleriň öňüni almakda we bejermekdäki ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi. Gurnalan kitap sergisi söhbetdeşlige gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän we bu ugurda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.