Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri Aşgabat şäheriniň №12-nji çagalar bagynda «Meniň halaýan ertekim» atly söhbetdeşligi geçirdi.
Söhbetdeşlikde çagalar öz halaýan ertekileriniň adyny aýdyp berdiler. Kalby päkize körpeleriň gowy görýän zady erteki. Ertekiler körpelerde gowy häsiýetleriň döremegine ýardam berýär. Şeýle hem körpeje balalary terbiýelemekde ertekileriň has uly ähmiýeti bar. Hünärmen çagalara Rus halk ertekisi «Üç aýy» atly ertekini gyzykly gürrüň berip, erteki gahrymanlary suratlaryň üsti bilen tanyşdyrdy. Körpeler bu erteki boýunça gahrymanlary häsiýetlendirip, höwes bilen surat çekdiler. Şu çärede kitaphananyň hünärmenleri birnäçe gyzykly erteki kitaplardan sergi gurnady. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.