logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«Meniň Watanym» atly aýdym-sazly konsert

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kompozitor S.Tüýliýew tarapyndan W.Muhadowyň 110 ýyllygyna bagyşlanyp “Meniň Watanym” atly aýdym-sazly konsert geçirildi.
Ajaýyp ussadyň döredijiligine degişli bolan birnäçe aýdymdyr-sazlar ýaňlandy. Ussat, halypa kompozitor Suhan Tüýliýew tarapyndan alnyp baryldy. Ilkinji çykyş S.Tüýliýew tarapyndan W.Muhadowyň döredijiligine degişli bolan “Ganly saka” operasy, “Meniň Watanym” simfoniki poemasy, “Türkmen sýuitasy”, “Magtymgulynyň ýadygärligine” №1 simfoniýasy, “Gahrymançylykly” №2 simfoniýasy, “Ejemiň ýadygärligine” №3 simfoniýasy, “Gökdepe” (“Pelek”) №4 simfoniýalaryna häsiýetnama berdi we birnäçe gyzykly ýatdan çykmajak wakalary gürrüň bermek bilen başlandy. Soňra M.Beýmanowanyň sazandarlyk etmeginde Türkmenistanyň at gazanan artisti A.Seýitgulyýewanyň ýerine ýetirmeginde «Söýgülim gelýär», «Säher aýdymy» ýaly birnäçe ajaýyp aýdymlar ýaňlandy. Konserwatoriýanyň mugallymy M.Myratgeldiýewiň ýerine ýetirmeginde “Ilki söýgim nirde sen?” aýdymy konserde has hem joşgun paýlady. Konsertiň dowamynda Türkmenistanyň at gazanan artisti A.Seýitgulyýewanyň we Meýlis Myratgeldiýewiň bilelikde ýerine ýetirmeginde “Ganly saka” operasyndan “Aýlar bilen Çaryýaryň dueti” we “Aşgabat” aýdymy ýerine ýetirildi. Soňra Türkmen Milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky türkmen döwlet ýörite sazçylyk sungat mekdebiniň mugallymy S.Baýlyýewiň ýerine ýetirmeginde W.Muhadowyň fortepiano döredijiligine degişli bolan “Improwizasiýa” eseri ýaňlandy. Konsertiň ahyrynda S.Tüýliýew tarapyndan “Meniň Watanym” simfoniki poemasynyň gurluşynyň derňewi, wideo ýazgylary diňlenildi.
Görkezilen ähli çykyşlar gatnaşyjylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Gatnaşyjylar pursatdan peýdalanyp, okamaga, öwrenmäge, taryhymyzy, sungatymyzy, milliliklerimizi dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän, sungatymyzyň, medeniýetimiziň hak howandary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza minnetdarlygyny aýtdylar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Orazbagt ARSLANOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň I ýyl talyby