logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Merjen şäher Aşgabat

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Merjen şäher Aşgabat” atly söhbetdeşlik geçirildi.

Ata Watanymyz öz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň Aşgabat şäherimiz tanalmaz derejede ösdi, özgerdi. Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzyň binagärlik keşbini mundan beýläk hem kämilleşdirmek ugrundaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde häzirki wagtda merjen şäherimiziň döwrebap ösüşi aýdyň şöhlelenýär. Paýtagtymyzdaky biri-birinden beýik mermer binalar, medeni durmuş maksatly binalary, ýaşaýyş toplumlarynyň töwereklerinde dürli görnüşli güllere we baglara beslenen ýaşyl zolaklar, oýun meýdançalary, döwrebap ýolagçy duralgalary ähli amatlyklar bilen üpjün edilendir. Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen paýtagtymyzyň soňky 20 ýylyň dowamynda Merkezi Aziýanyň hakyky “merjenine” öwrülendiginiň aýdyň subutnamasy bolandygy barada söhbetdeşlige gatnaşanlar gürrüň etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler gül Diýarymyzy jennet mekana öwüren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, ýurdumyzyň aýdyň gelejegi ugrunda alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.