logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MERKEZI AZIÝA ÝURTLARY HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BILEN BAGLY MESELELERI ÇÖZMEKDE IŞJEŇ ORNY EÝELEÝÄR

13-nji maýda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi bilen bilelikde guramagynda howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlady. Bu çäre dialog üçin möhüm meýdança bolup, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Merkezi Aziýa sebitinden alymlary, bilermenleri we hünärmenleri, BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň agzalaryny bir ýere jemledi. Forumyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň täsin endemik ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tanyşdyrýan sergi guraldy hem-de “Türkmenistan: howanyň üýtgemegi we «ýaşyl» geçiş” atly wideoýazgy görkezildi.

Çäräniň açylyş dabarasynda çykyş edenler howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekde toplumlaýyn çemeleşmäniň möhümdigine ünsi çekdiler. Nygtalyşy ýaly, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek durnukly ösüş meseleleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Howanyň üýtgemegi babatda ileri tutulýan ugurlary milli ösüş meýilnamalaryna, oba we suw hojalygynda, energetika pudagynda alnyp barylýan strategiýalara ornaşdyrmak üstünligiň wajyp şertidir. «Howanyň üýtgemegi boýunça sebitleýin we milli syýasat: ýetilen sepgitler we öňde duran wezipeler» atly umumy mejlisde Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň howanyň üýtgemegi boýunça sebitleýin bilermeni W.Grebnew bu möhüm strategik ugurda dürli pikir-garaýyşly gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasyndaky gatnaşyklaryň uzak möhletleýin, netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň esasy şerti bolup durýandygyny belledi.

«Türkmenistan» gazeti