logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MERKEZI AZIÝADA ÝITMEK HOWPY BOLAN MIRASY GORAMAK BOÝUNÇA SEMINAR: TÜRKMENISTANYŇ TEJRIBESI

2025-nji ýylyň 6-8-nji oktýabry aralygynda Almaty şäherinde “Merkezi Aziýada mirasyň ýaşaýşyny goramak mümkinçiligini güýçlendirmek” atly seminar-maslahat geçirildi. Bu seminar-maslahat Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda Almaty şäherindäki ÝUNESKO-nyň sebit bölümi tarapyndan gurnaldy.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparynyň wekilinden ybarat bolan türkmen wekiliýeti, maddy däl medeni mirasy goramagyň mehanizmlerini gowulandyrmaga gönükdirilen diskussiýalara we amaly gönükmelere işjeň gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar gyssagly gorag sanawyna girizmek üçin täzelenen anketalar bilen tanyşdylar, beýleki ýurtlaryň üstünlikli tejribelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahatyň çäginde Almatydaky “Qazaq Oner” senetçilik merkezine syýahat edildi. Bu ýerde merkeziň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen milli keçe, keramika we metal önümleriniň öndürýän ussahanalaryň öý goşlaryny we şaý-sepleri öndürmek prosesi bilen tanşyldy.

Bu seminar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda maddy däl medeni mirasy gorap saklamakda we halkara medeni mirasy goramak ülňülerini durmuşa geçirmekde hem-de tejribe alyşmakda, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy.


Güljan NOBATOWA

Maddy däl medeni miras müdirligi.