Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Mermer şäher Aşgabat» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat-Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent ynsanperwerlikden, parahatçylyk söýüjilikden gözbaş alýan içeri we daşary syýasatlarynyň netijesinde abraýly halkara guramalary hem-de dünýäniň köp sanly döwletleri bilen ýola goýulan dostluk-doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň beýanydygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ata Watanymyz hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, ähli ýurtlar bilen dost-doganlyk, hoşniýetli we deňhukukly hyzmatdaşlygyň alynyp barylýandygyny, Aşgabat şäheri bolsa bu köpugurly döredijilikli syýasatyň esasy merkezidigi barada beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda Watanymyzy gülledip, halkymyzy ösüşlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.