logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MERT ÝIGITLER GAÝRAT ÜÇIN DOGULÝAR

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabyna kitaphana syny geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has takygy, Ýurdumyzda bellenip geçilýän 2025- nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrylýan ýylymyzda dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi. Şol mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini ýöriteleşdirilen 131–nji orta mekdepde Gahryman Arkadagymyzyň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabyna kitaphana syny geçirildi. Kitaphana synymyz Beýik ýeňişiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi. Synymyza mekdebiň ýokary synyp okuwçylary gatnaşdy we olarda uly täsir galdyrdy.

Şeýle-de edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.