logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MERTLER WATANY BEÝGELDÝÄR

Her ýyl milli senenamamyzda mynasyp orun eýeleýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli geçirilýän çäreler «Garaşsyz ,baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzyň ilkinji günlerinde gurnalýan gyzykly hem-de täsirli gezelençler bilen utgaşýar. Şu gün merdana Watan goragçylarymyzyň güni mynasybetli «Watan dillerimiziň, baky senasy» atly Lebap welaýat häkimliginiň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda harby we hukuk goraýjy işgärleriniň hem-de Türkmenistanyň döwlet serhet gullugynyň 2111 harby gullugynyň esgerleriniň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç gurnaldy. Olar muzeýde saklanylýan milli mirasymyzyň müň dürli öwüşgünlere baý bolan muzeý gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar, şeýlede olar ýurdumyzyň taryhy ýerleri baradaky gyzykly maglumatlary aldylar. Muzeýiň arheologiýa zalynda ýerleşýän gadymy galalar, ýadygärlikler baradaky maglumatlar myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Muzeýe gurnalan gezelenjiň dowamynda olar bedew batly ösüşler bilen eziz ata watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe alyp barýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.


Gülälek Batyrowa

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy