logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Mertler Watany beýgeldýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçylary “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Älem syry kitap bilen açylýar” atly gepleşiginiň ýazgy etmeginde “Watan mukaddesligi” muzeýinde gezelençde boldylar we “Mertler Watany beýgeldýär” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik ýazdylar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar uludan toýlanýar. Ýeňiş güni parahatçylykly, abadan we bagtyýar durmuşy alamatlandyrýan iň gymmatly, mukaddes baýramlaryň biridir. Ata-babalarymyzyň, gerçeklerimiziň söweşde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygy, tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň nusgalyk edermenligi häzirki döwürde ýaş nesillerimizi watançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Asuda asmanyň astynda, parahat ýurdumyzda ýaşap, halal zähmet çekmegimiz üçin döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!