Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde her Täze ýylyň öňüsyrasynda ýurdumyzda dünýä belli estrada aýdymçylarynyň şowhunly konsertlerini guramak asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň baýramçylyk ruhubelentligine şatlyk goşmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini hem görkezýär. Bir döwür dünýäde iň köp diňlenilýän aýdym-sazlaryň sanawynda öňdäki orunlary eýelän, häzirki wagtda hem özüniň owazlylygyny ýitirmeýän aýdymlary bilen tanalýan Araş Labafyň ýurdumyza ilkinji gezek gelip, türkmen sahnasynda gaýtalanmajak şowhun döretmegi munuň şeýledigini ýene-de bir gezek tassyklady.
1977-nji ýylda goňşy Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtynda doglan Araş 10 ýaşaýança bu ýurtda ýaşaýar. Ene-atasynyň maşgala bolup Ýewropa göçüp gelmekleri sungat bilen içgin gyzyklanýan geljekki ýyldyza bar bolan mümkinçiliklere has aýdyň göz ýetirmäge we peýdalanmaga şert döredýär. Netijede, eýýäm 14 ýaşynda Araş özüniň ilkinji döredijilik toparyny döredýär. Onuň aýdym-saz albomlary köpdilliligi bilen tapawutlanýar. Bu aýratynlyga ýurdumyzyň aýdym-saz muşdaklary meşhur aýdymçynyň türkmen sahnasynda ýerine ýetiren ilkinji aýdymlarynda turuwbaşdan göz ýetirdiler. «On est la», «Wostoçnyýe skazki», «One Day» atly aýdymlarda Günbataryň häzirki zaman şowhunly äheňleri Gündogaryň şahyrana labyzlylygy bilen sazlaşykly utgaşýar.
Estrada aýdymçysyna meşhurlyk getiren «Broken Angel», «Pure Love» aýdymlary tomaşaçylary ýaşlyk we ýatlamalar dünýäsine aralaşdyrdy. «Donya», «She Makes Me Go» we «One Night in Dubai» ýaly aýdymlar bolsa şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Dünýä belli sungat ussady özüniň başga-da birnäçe ajaýyp aýdymlary bilen tomaşaçylaryň baýramçylyk ruhuny belende göterdi. Döwürdeş adamlaryň bir wagtlar söýüp diňlän «Boro boro», «I adore you» aýdymlary bolsa konsertiň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.
Konsertiň ahyrynda Araş Labaf hemmeleri ýetip gelýän 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen sahnasynda çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny, bu ýerde muşdaklarynyň juda kändigine göz ýetirmegiň örän buýsandyryjydygyny belledi. «Siziň ýurduňyz maňa ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri bagyşlady. Ilkinji nobatda, Aşgabat özüniň owadanlygy we binagärlik aýratynlygy bilen bizi haýran galdyrdy. Hemmeleriň garaşýan Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda ajaýyp sahnada türkmen diňleýjileriniň öňünde konsert maksatnamasy bilen çykyş etmäge çagyrylandygym we döredilen mümkinçilik üçin hormatly Türkmenistanyň Prezidentine köp sagbolsun aýdýaryn. Bu ýerde mähirli kabul edilmegim we bildirilen myhmansöýerlik türkmen halkynyň açyklygynyňwe dostanalygynyň aýdyň güwäsidir. Şeýle döredijilik saparlarynyň guralmagy halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin berk binýady emele getirýär» diýip, meşhur aýdymçy söhbetdeşlikde aýtdy.
«Türkmenistan» gazeti