Gyşky oýunlar sport toplumynda daşary ýurtly estrada aýdymçylarynyň konsertleri 28-nji dekabrda sungat äleminde «Mot» lakamy bilen meşhur bolan rus aýdymçysy Matweý Melnikowyň şowhunly aýdym-sazlary bilen dowam etdi.
Aýdym-saz sungatynyň rep we hip-hop žanrlarynda döreden ajaýyp eserleri bilen meşhurlyga eýe bolan Matweý Melnikow türkmen sahnasynda ilkinji gezek çykyş etdi. Onuň konserti aýdym-saz muşdaklary üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Şu gezekki konserti ýatdan çykmajak şüweleňli agşama öwürmek üçin ol özüniň uly döredijilik topary bilen paýtagtymyzda myhmançylykda boldy. Bu döredijilik toparynyň tanslary estrada ýyldyzynyň bezemen sahnada ýerine ýetiren aýdymlaryna goşmaça öwüşgin çaýdy.
1990-njy ýylda Russiýa Federasiýasynyň Krasnodar ülkesinde doglan Matweý Melnikowy ene-atasy aýdym-saza çagalykdan höweslendiripdir. Olaryň tagallalary netijesinde ol dürli aýdym-saz gurnaklaryna gatnaýar. Umumy we ýokary okuw mekdeplerini tapawutlanan netijeler bilen üstünlikli tamamlamagy onuň ýokary zehinlidigini görkezýär. Zehiniň we aýdym-saza höwesiň birleşmegi bilen, ol sungatda uly meşhurlyga eýe bolýar.
Aýdymça şöhrat getiren «Soprano», «Solo», «Mama ýa w Dubaýe» aýdymlary tomaşaçylarda uly şowhun döretdi. «Kapkan», «Portret», «Peremeny-eto krasiwo» ýaly aýdymlar hem gyzgyn garşylandy. «Şarady» we «Sluçaýnosti ne sluçaýny» aýdymlary bolsa häzirki wagtda iň köp diňlenilýän halkara aýdym-saz sanawlarynda öňdäki orunlardadyr. Şeýle ajaýyp şüweleň agşamy oňa gelenlerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Munuň şeýledigini her bir ýerine ýetirilen aýdymy tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalar bilen garşylamagy-da aýdyň görkezdi.
Matweý Melnikow türkmen topragynda myhmançylykda bolýandygyna, şeýle ajaýyp agşamda türkmen tomaşaçylarynyň öňünde çykyş edýändigine örän şatdygyny aýtdy. Şeýle hem ol döredilen mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanymyza çäksiz hoşallygyny beýan etdi. «15 ýyllyk döredijilik we konsert işimiň içinde ilkinji gezek Aşgabatda bolýaryn. Bu toprakdaky myhmansöýerlik we mähribanlyk eýýäm howa menziline gadam basanymyzdan bize duýuldy. Bu ýerde biz özümizi edil öýümizde ýaly duýýarys» diýip, meşhur estrada ýyldyzy söhbetdeşlikde aýtdy.
Täze ýylyň öňüsyrasynda dünýä belli meşhur sungat ussatlarynyň dabaraly konsertleriniň guralmagy ýurdumyzyň täze, 2026-njy—«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan—bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny toý ruhunda mynasyp garşylaýandygynyň nyşanydyr.
«Türkmenistan» gazeti