logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MEŞHUR TÜRKMEN SAZANDASY – ŞÜKÜR BAGŞYNYŇ 195 ÝYLLYGY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda “Meşhur türkmen sazandasy – Şükür bagşynyň 195 ýyllygy” atly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Döredijilik duşuşygynda Meşhur türkmen sazandasy – Şükür bagşynyň 195 ýyllygy mynasybetli okuwçylara sungatyň inçe syrlaryny öwredýän sazanda mugallymlary bilen rowaýata öwrülen Şükür bagşynyň durmuş ýoly we onuň türkmen saz sungatynyň altyn hazynasyndaky orny barada gyzykly maglumatlary barada söhbet etdiler. Duşuşygyň dowamynda Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen medeniýetini, sungatyny ösüşiň aýdyň ýollary bilen öňe alyp barýan, bagşyçylyk ýolunyň has hem kämilleşmeginde çäksiz mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.