logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«MEŞREP MEN»

«MEŞREP MEN»

Kyblamyň telwasynda saýyl awara Meşrep men,

Gözi ýaşly, kaddy elip, kalby set para Meşrep men.


Bolmasa-da köňlümde dünýäň zerre deý mähri,

Sen diýip iki älemden geçip, ykmanda Meşrep men.


Ölüp gitsem, seniň derdiň soňra-da gitmegeý asla,

Lahat içre pygan eýläp, özüm biçäre Meşrep men.


Eneden gaýly gün dogdum, seniň yşkyňda ah urdum,

Muhabbet dagynda örtäp, özüm saýýara Meşrep men.


Muhabbet jamyndan meý berdiler, içmezlige çäräm ýok,

Gözümden gan ýaşym dynman akar, hunhora Meşrep men.


Başyma müň bela gelse, dilär men wysalyň, sopy,

Başym kesseň hossarym ýok diýen görgüli Meşrep men.


Halaýyklar ýaman diýp kowar her säher barsam,

Märekeden ýekirilen bir saňsar-a, Meşrep men.


Özümiň halk içre ryswalygmy hiç kes bilmez,

Jiger-janym pida eýläp, bir hilegär Meşrep men.


Men sergezdan Meşrebe muhabbeti beýan eýläň,

Namaz-rozadan jyda bolan bir diwana Meşrep men.


«DÜNÝÄ GELIP BILMEZDEN MEN LAÝA BATA GALDYM...»

Dünýä gelip bilmezden men laýa bata galdym,

Mejalym ýok bolsa-da, agyz söz gata galdym.


Gördüm onuň duşmany ruhdur beden ekeni,

Seslenip, iki gözüne men birdem baka galdym.


Girdim men bir meýhana, bilsem-de köýjegimi,

Ýöne metjide girip, buz ýaly gatap galdym.


Ynan, men bir terkidünýä, a sende ybadat,

Müň takwany bir käse men meýe sata galdym.


Ýekelik şerbetini gana-gana içdigim,

Mansur kibi men dara başymy asa galdym.


Telbeligmiň şöhraty indi äleme doldy,

Bir näzi üçin iki jahanda oda galdym.


Aýyplamaň bihuda men Meşrebi, ýaranlar,

Neýleýin, bu aýralyk ýolundan öte galdym.


«EGER AŞYKLYGYMY AÝTSAM...»

Eger aşyklygymy aýtsam, köýüp jan-u-jahan örtär,

Bu yşk syryn beýan etsem, ýeke-täk hanyman örtär.


Bir kişä yşk odundan sähelçe ýetse bolar girýän,

Bolup bisabyr-bitakat, ýürek-bagry ýakan örtär.


Yşka saldyň hanymanym, köýüp-ýandym pyragyňda,

«Nigara» diýp adyň tutsam, lezzeti zyban örtär.


Eý, janym, juwan dil bilen seniň waspyň beýan etsem,

Dilim laldyr, gözüm girýan, ganatlarym pynhan örtär.


Ne ýowuz gün eken, jana, wysalyňdan jyda bolmak,

Meň ahymyň tütünine zemin hem-de asman örtär.


Bu dert bilen harap boldum, gelip halymy sormasaň,

Gamyň başga, derdim başga, ýüregimi pygan örtär.


Bu Meşrebiň derdin janym, her kimiň başyna salma,

Eger magşarda ah ursam, behişti jawydan örtär.


«BABARAHYM MEŞREP»

(TERJIME EDEN A.REJEPOW)