logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MILLI BAHAR BAÝRAMY-BAHARYŇ WE TEBIGATYŇ BAÝRAMY

MILLI BAHAR BAÝRAMY-BAHARYŇ WE TEBIGATYŇ BAÝRAMY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi «Milli bahar baýramy-baharyň we tebigatyň baýramy» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler ilki bilen ähli türkmen halkyny, okyjylary, kitaphanaçy kärdeşlerini Milli bahar baýramy bilen gutladylar. Soňra Milli bahar baýramynyň taryhy hakda şeýle-de onuň gelip çykyşy, baýramda bişirilýän tagamlar hakynda gürrüň etdiler. Türkmeniň atalar sözlerinde, nakyllarda, yrymlarda hem öz beýanynyň tapandygyny belläp geçdiler. Milli bahar baýramy adamzadyň taryhynda dörän ilkinji hem gadymy baýramlaryň biridir. Bahar paslynyň gelmegini mydama-da ýaşaýşyň täzeden başlanýan başlangyjy bilen baglanyşdyrypdyrlar, ol täzeden döreýşiň alamaty hökmünde özi bilen diriligi we şatlygy getirýär. Şonuň üçin bahar baýramy diňe türkmenleriň ata-babalarynda däl, eýsem beýleki Gündogar halklarynda hem esasy we söýgili baýramlaryň biri bolupdyr diýip,belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler milli mirasymyza, ruhy baýlygymyza aýratyn sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.