logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«MILLI BAHAR BAÝRAMY-TÄZELENIŞIŇ BAÝRAMY» ATLY KITAP SERGISI

«MILLI BAHAR BAÝRAMY-TÄZELENIŞIŇ BAÝRAMY» ATLY KITAP SERGISI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni-köpçülik işleri bölümi «Milli bahar baýramy-täzelenişiň baýramy» ady bilen kitap sergisini gurnady. Sergide türkmen halkymyzyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýazan gymmatly kitaplary, şeýle hem ýazyjy-şahyrlarymyzyň, edebiýatçylaryň Milli bahar baýramy bolan Nowruz baýramy barada ýazan eserleri goýuldy. Okyjylarymyz bu sergi arkaly özleriniň gerekli sowallaryna jogap tapdylar. Asuda asmanyň astynda şeýle bagtyýar döwürde ýaşaýandygymyza Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarys.