Stambul şäherinde geçirilýän «Dikeldiş we gorap saklaýyş barlaghanalary üçin Türkiýe tejribe alyşma maksatnamasynyň» jemleýji güni Milli barlaghanalaryň tanyşdyrylyşy we «Bilelikdäki garaýyş» atly maslahat bilen dowam etdirildi. Onda Beýik Ýüpek ýolunyň geografik we ruhy ýüregi bolan, türki siwilizasiýasynyň iň çuňňur gatlaklaryny saklap gelýän ýurdumyz-Türkmenistanyň adyndan Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ismail Orazow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türki dünýäsi diňe bir dilleriň umumylygy däl-de, eýsem, tehnologik we çeperçilik gymmatlyklarynyň hem-de däp-dessurlarynyň umumylygy barada nygtap geçdi. Şu günki günde döwletleriň arasyndaky serhetler medeni alyş-çalyş üçin açyk we aýdyň bolýan wagtynda biziň umumy wezipämiz-mirasy gorap saklamak babatdaky ylmy gazananlarymyzy hem dünýä aýdyň we elýeterli etmekden ybaratdyr diýip belledi. Şeýle-de Türki dünýäsiniň çäginde geçirilýän şu günki duşuşygyň aýratyn ähmiýetini belläp geçdi.
Türki medeniýetiniň mirasy we gaznasy, Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, Türki dünýäsi gaznasy tarapyndan Ismail Orazowa uly dabara bilen Şahadatnama gowşuryldy.
