logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Milli buýsanjymyz - Baky bagtymyz

Esasy kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitutsiýasyň döredilen güni bilen milli buýsanjymyzyň belent nyşany bolan Döwlet Baýdagynyň gününi baýram edip giňden bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölümi hem “Milli buýsanjymyz - Baky bagtymyz” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen topragynyň erkanalygyň mekanydygy, al-asmanda pasyrdaýan ýaşyl baýdagymyzda halkymyzyň ata-baba ýol-ýörelge edinip gelen agzybirlik, jebislik, goňşy-golamlar bilen hoşniýetli gatnaşyklarda bolmak isleg-arzuwlary jemlenendigi we şol asyrlyk arzuwlaryň bu günki günde hasyl bolandygy barada giňişleýin söhbetdeşlik etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Milli gymmatlyklarymyza belent sarpa goýýan, döwletimizi ösüşler ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür, döwletli başlangyçlarynda hemişe üstünlikleri arzuw etdiler.