logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Milli däp-dessurlarymyz nesillere dowamat

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy tarapyndan, Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý-dabaralary merkeziniň hem-de “Miras” teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda “Milli däp-dessurlarymyz nesillere dowamat” atly “Bagt köşgi” toý-dabaralary merkezinde söhbetdeşlik geçirildi.

Çykyş edenler ene-mamalarymyzdan gelýän milli mirasymyzyň ajaýyp gymmatlygy bolan halydyr palas dokap, keçe basmak, keşde çekmek, dürli alaja, jähek, aldymgaç ýüplerini taýýarlamak ýaly el işleriniň irki döwürlerden bäri dowam edip gelýändigi barada söhbet etdiler. Şeýle hem, gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünärinden dörän keşdeçilik sungaty türkmen zenanynyň durmuşyny, dünýäsini bezemek bilen onuň kalbyna gözellik çaýýandygy we dünýäni haýrana goýýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda, nesilden-nesle geçirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.