logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MILLI DÄP-DESSURLARYMYZA SARPA

MILLI DÄP-DESSURLARYMYZA SARPA

Ýakynda Änew şäherindäki Medeniýet öýünde «Milli däp-dessurlarymyzy ýaýbaňlandyrmakda türkmen zenanlarynyň orny» atly maslahat geçirildi. Oňa welaýatymyzyň etraplaryndan dürli kärdäki we hünärdäki zenanlar, mährem eneler gatnaşdy.

Maslahatyň çäginde medeni ojagyň eýwanynda gurlan sergi bilen tanyşmak örän ýakymly boldy. Gelin-gyzlarymyzyň on barmagyndan dörän, dünýäniň gözellik nusgasyna öwrülen nepis halylardyr haly önümlerini, ajaýyp keşdeleri, el hünärine degişli beýleki işleri we amaly-haşam sungatyna degişli gymmatlyklary we welaýat kitaphanasynyň kitap sergisini özünde jemlän sergi uly täsirleri döretdi.

«Miras» we «Altyn asyr» teleýaýlymlaryň ýazgy etmeginde geçirilen maslahata welaýatyň etrap merkezi kitaphanalaryň kitaphanaçy zenanlary işjeň gatnaşdylar. Olar çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň gadymdan gelýän medeni gymmatlyklaryny aýawly saklamakda, nepis el sungatynyň ajaýyp ýörelgelerini dünýä ýaýmakda hem-de ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmekde alnyp barylýan işlerlerde bu gün milli däp-dessurlarymyzy ýaýbaňlandyrmakda zenanlaryň uly orny bar diýip belläp geçdiler.

Zenanlarymyzyň milli däp-dessurlarymyzy, ýol-ýörelgelerimizi dowam etdirmekde we geljekki nesillere ýetirmekde, watansöýüji nesilleri kemala getirmekde alyp barýan işleri buýsanja mynasypdyr.

Maslahatyň çäginde interwýu bilen çykyş edenler çaga sallançagyny bejermegiň däplerini, hüwdiniň ýerine ýetirijilik sungatyny we beýleki gymmatlyklarymyzy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek ugrunda alnyp barylýan işleriň ulus-ilimizi begendirýändigini buýsanç bilen bellediler hem-de hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň bu babatda tagallalaryna alkyş sözlerini aýtdylar.