logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MILLI GAHRYMANLARYŇ BELENT SARPASY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebinde Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli «Milli Gahrymanlaryň belent sarpasy» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenlerimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hakydalarda gaýduwsyzlygyň, watansöýüjiligiň, merdanalygyň, hakyky mertligiň mekdebi bolan, parahat, asuda, ýaşaýşyň binýadyny berkarar eden, parahatçylyk we azatlyk ugrunda söweşen Watan ogullarynyň edermenlikleri her ýylyň 9-njy maýynda uly dabaralar bilen ýatlanyp geçirilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Beýik Watançylyk urşuna türkmen ýigitleriniň hem gatnaşandygy, olaryň mukaddes topragymyzyň asudalygy we halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda görkezen edermenliklerini barada gürrüň berdiler. Mekdebiň okuwçylary Beýik Ýeňşe bagyşlanan aýdymlar, sazlary, ajaýyp şygyrlary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda bizi asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan etdiler.