Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli mirasymyz aýdyňlygy bilen içgin öwrenilýär. Eziz halkymyzyň örän gadymy we baý milli mirasy bar. Türkmen halky öziniň ýaşan dürli döwürlerinde milli medeniýeti, milli mirasysy nesilden-nesile geçirip bilen halkdyr. Onuň şeýledigine biziň günlerimize çenli üýtgewsiz gelip ýeten milli egin-eşikleriň ajaýyp görnüşleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Ene-mamalarymyzyň, gyzlarymyzyň, hususanam «gelin» egin-eşigini, olaryň owadan nagyşlaryny, kümüşden ýasalan bezeg şaýlaryny synlanyňda bularyň hemmesi türkmen halkynyň baý milli mirasyna, däp-dessuryna bolan hormatyny artdyrýar. Diňe bir zenan egin-eşikleri däl, eýsem türkmen ýigitleriniň gyrmyzy donlary, ezýaka köýnekleri, seçelenip duran silkme telpekleri, tirme guşaklary – dürli halklaryň nazaryny özüne çekýär. Dürli görnüşli milli egin-eşikleriň içinde pederlerimiziň iň gowy görýän milli lybaslarynyň biri-de milli donlardyr. Don – bu diňe bir egne geýip gidäýmeli eşik däl, ol hormata mynasyp häsiýetli milli maddy gymmatlyk. Halkymyzyň arasynda türkmen milli donlary barada «Gözellik ondur, dokuzy dondur» diýen aýtgy bar. Sebäbi donlar geýimleriň üstki bezegini tamamlaýandygy üçin olara uly ähmiýet berlipdir. Öý şertlerinde oba hojalyk önümlerinden egin-eşikleri tikmek üçin çig mallar ene-mamalarymyzyň öz elleri bilen taýýarlanypdyr. Pileden ýüpek matalar, pagtadan nah matalar düýäniň we goýnuň ýüňünden ýüň matalar dokalyp, olardan donlaryň dürli görnüşleri tikilipdir.

Gadymdan galan asyl nusgaly milli eşikleriň görnüşlerini has ýakyndan öwrenmeklikde ýurdymyzda öz işini alyp barýan muzeýleriň ähmiýeti örän ulydyr. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznalarynda saklanylýan täsin, gadymy milli donlary halk köpçüligine görkezmek maksady bilen 2025-nji ýylyň 15-nji awgustynda «Milli gymmatlyklarymyz türkmen gözelliginiň nusgasy» atly milli donlaryň sergisi gurnaldy. Sergide XIX asyryň ahyryna we XX asyra degişli bolup halkymyzyň ähli sebitlerine mahsus bolan erkek adamlaryň, gyz-gelinleriň we çaga donlaryň dürli görnüşleri görkezilýär. Sergide zenanlar tarapyndan geýilen el keşdeli, basma nagyşlar bilen bezelen begresler, keşdelenen we kümüş bezegli çabytlar, kümüş düwmeler we teňňe pisint kümüş bölejikler, bugnama hem-de mata bölejikleri bilen haşamlanan mahmal we küleçe donlary, gyzyl ýaşyl zolakly dokalan sary tagta donlar, ilme nagyşly mawut we baş donlar, içi pagtalanyp syralan hywa donlar, pugtalanyp bezelen çepbetöw, daraýy we maldaýy donlar hem-de erkek adamlar tarapyndan geýilen gyrmyzy don, garma don, hywa don, düýe we goýun ýüňünden dokalan agar hem-de çal çäkmenleriň ajaýyp görnüşleri görkezilýär.