logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MILLI GYMMATLYKLARYMYZ UMUMY ADAMZAT MIRASYNDA

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk Akademiýasy bilen bilelikde “Milli gymmatlyklarymyz umumy adamzat mirasynda” atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, olary wagyz etmek we geljekki nesillere ýetirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Jemgyýeti ruhy taýdan ösdürmek, halkyň dünýägaraýşyny giňeltmek, ahlak sypatlaryny kemala getirmek, umumy medeniýeti, watançylyk düşünjesini ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň möhüm ugrydyr. Ýaşlarda watansöýüjilik duýgusynyň has-da pugtalanmagynda, milli ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilmeginde maşgala terbiýesine, maşgala gymmatlyklaryna uly orun degişlidir. Müňýyllyklaryň dowamynda sünnälenen, kämilleşdirilen halyçylyk, dutarçylyk, külalçylyk sungaty, bedewlerimiz hem-de türkmen alabaýy–nesillerimiz üçin gymmatly hazyna bolup durýanlygy barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda biz hem Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýüzüne ýaýmak, gorap saklamak we kämilleşdirmek babatda döredip berýän mümkinçiliklerine çäksiz alkyş aýdyp, döwlet ähmiýetli belent tutumlarynyň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuw edýäris!