logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Milli lybaslar – halk mirasynyň medeni gymmatlygy

Türkmen halkynyň milli lybaslary medeni-taryhy mirasyň häzirki zaman gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup galan ajaýyp nusgalarydyr. Halkymyzyň milli lybaslary şu günki günlerde-de özüniň biçüwini, reňk öwüşginini we medeni ähmiýetini saklap, tebigy ýagdaýda durmuşymyzyň möhüm bir bölegi bolmagynda galýar.

Türkmenistan özüniň ýokary hilli dokma önümçiligi bilen meşhurlyga eýe bolan ýurtdyr. Bu mukaddes toprakda dokma sungatynyň kemala gelmegine sebitiň howa şertlerindäki çarwa we ýarym çarwa durmuş ýörelgeleriniň aýratynlyklary täsir edipdir. Mata dokmaçylygynda ýüň, pagta we elde dokalýan milli ýüpek matasy hökmünde tanalýan keteni uly meşhurlyga eýe bolupdyr.

Türkmenleriň geýinmek medeniýetinde ýaş aýratynlygyna möhüm ähmiýet berlipdir. Öýde, adaty günler geýilýän egin-eşikler örän oňalylygy, toý lybaslary bolsa ýokary derejede çeper bezemenligi bilen tapawutlanypdyr. Zenanlaryň uzyn köýnekleriniň giň biçüwi hereket edeniňde rahatlygy üpjün edipdir hem-de çölüň yssysyndan gorapdyr. Egin-eşigiň her bir böleginiň amaly ähmiýeti bolup, olar şol bir wagtyň özünde çuňňur many-mazmuny hem özünde jemläpdir. Bu aýratynlyk gelin-gyzlaryň lybasynda has-da aýdyň ýüze çykýar.

Gelin-gyzlaryň geýim-gejiminiň esasyny göni biçüwli uzyn köýnekler tutupdyr. Hünärmenleriň bellemegine görä, köýnegiň reňkine, ýakasynyň keşdesine we başgaplaryň görnüşine görä zenanyň ýaşyny, maşgala ýagdaýyny, hat-da haýsy taýpadandygyny hem anyklap bolupdyr. Halk ynanjyna görä goýy gyrmyzy reňk ýaşaýyş güýjüni alamatlandyrypdyr we gelin-gyzlaryň toý lybaslary esasan, gyrmyzy-gyzyl reňkli matalardan taýýarlanylypdyr. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen keşdeçilik sungatynyň ajaýyp nusgalary milli lybaslarymyzyň bezegi hökmünde kämillik derejesine ýetirilipdir. El işleriniň iň nepisleriniň hatarynda durýan, köýnekleriň ýakasyndaky örän çylşyrymly el keşdeleri ony geýýäne aýratyn bezeg beripdir we anyk bir sebitiň nagyşlaryny özünde jemläpdir. Gyz-gelinleriň bu gözelligini maşgala abadançylygynyň nyşany bolan, hakyk daşy goýlan kümüş şaý-sepler has-da kämilleşdiripdir.

Gelin-gyzlarymyzyň ýanly köýnekleri özüniň biçüw aýratynlygy hem-de örän oňaýlylygy bilen tapawutlanýar. Ýanly geýmek biziň şu günlerimizde hem ýoň bolup dowam edýär. Biz, ýerlere guralan ekspedisiýalaryň dowamynda ýanly köýnegiň biçilişi we tikilip taýýarlanylyşy barada gyzykly maglumatlary topladyk.

Zenanlar köýnek biçjek, tikjek bolanda “Çarşenbe güni çar ýana” diýip, biçim-tikime çarşenbe güni başlapdyrlar. Ýanly köýnek biçilen wagtynda ilki aşyrysy alnypdyr. Tikilip başlananda bolsa, ýeňinden başlanýar. Halk arasynda “Ýeňinden başlasaň, ýeňersiň, ýanyndan başlasaň ýanarsyň” diýen düşünjä eýerilip, köýnek ýeňinden tikilip başlanypdyr.

Ýanly köýnekler, esasan, üç bölekden durýar: köýnegiň aşyrysy, ýany hem-de ýeňi. Ilki bilen haýsy matadan kime niýetlenilip köýnek tikilýän bolsa, onuň ölçegini almaly. Köýnek biçilende ilki bilen mata uzynlygyna iki eplenýär. Soňra matanyň bir gyrasyndan tutup, zenanyň boýnunyň ýeňsesindäki tüňňüje süňküniň üstünde goýlup, aşaklygyna goýberilýär. Köýnegiň aşyrysynyň ini köýnek tikinýän zenanyň iki egniniň aralygy ölçelip, şoňa laýyklykda kesilip alynýar. Ondan soň aşyrynyň egninden aşaklygyna garyş sere epläp, şondan aşaklygyna ýan ölçelýär. Ýan gytaklaýyn eplenip kesilýär. Galan matadan ýeň biçilýär. Ýeň biçmek üçin matanyň bir ujuny egniňde goýup, beýleki ujuny külbike barmagyň ujuna deňäp ölçemeli we kesmeli. Ýeň biçilende onuň agzynyň ölçegi hem alynýar. Soňra ýana birikdiriljek ýeri ölçelýär. Şonda ýanyň ýokarsyna goýuljak begeýik hem göz öňünde tutulýar. Eger begeýik edilmese, ýanyň ujy gytaklanyp alynýar. Munuň üçin ýanyň başyna goltuga görä uç bermeli. Irki döwürlerde begeýik dürli reňkdäki matalardan edilipdir. Begeýiklik mata alnanda reňkleriň sazlaşygyna aýratyn üns beripdirler.

Ýanly köýnek tikilende ilki aşyrynyň egni, ýagny öňi hem arkasy birikdirilýär. Soňra ýaka açylýar. Ýaka boýnuň daşyna laýyk bolup durar ýaly açylýar. Çünki, zenan maşgalanyň ezenegi agyp dursa gelşikli däl. Soňra aşyrynyň öň tarapy iki eplenip, kelle sygaýar ýaly şekilde dikligine ýaka açylýar. Ýaka zenanyň ýaşyna, islegine görä dürli nagyşlar bilen bejerilýär. Soňra onuň dört oky birikdirilýär. Ene-mamalarymyz köýnegiň ýagyrny bölegine nah matadan içlik tikipdirler. Oňa ýagyrniçlik diýilýär. Köýnege der siňmezlik üçin onuň ähmiýeti uly.

Köýnek taýýar bolansoň, ýaka bagjyk etmeli. Bagjygyň ujy dürli reňkli sapaklardan gotazlansa has gelşikli bolýar. Bagjyk halka görnüşinde daňylýar. Täze köýnek geýene “Nesip etsin, toýda tozsun, toýda geýmek nesip etsin” diýen ýaly ýagşy dilegler edilýär.

Şu pursatdan peýdalanyp, halk mirasynyň gadymy we nepis nusgalary baradaky maglumatlary toplamak we halk köpçüligine ýetirmek babatda giň mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Taýýarlan: Güljan Igdirowa, Ogultäç Hojanazarowa, Maddy däl medeni miras müdirligi.