Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Milli medeniýetim genji hazynam» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Çärede çykyş edenler gözbaşyny gojaman taryhyň müňýyllyklaryndan alyp gaýdýan medeniýetimiziň taryhy hem türkmen taryhy ýaly gadymydygyny we beýik abraýa eýedigini, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen «Görogly» dessançylyk sungaty, milli «Küştdepdi» aýdym saz sungatynyň, türkmen halyçylyk sungatynyň, «Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini buýsanç bilen gürrüň berdiler.
Garaşsyz Türkmenistanda halkara sungat festiwallary, forumlar, sergiler medeniýet günleriniň, dünýä halklarynyň medeniýet günleriniň biziň ýurdumyzda yzygiderli geçirilip, şol halkara çärelerine dünýäniň ençeme döwletlerinden wekiller gatnaşyp, türkmen döwletiniň ýeten derejesi, dostlukly gatnaşyklara gadyr goýýan halkymyzyň däp-dessurlary bilen tanyş bolýandygyny, şeýle halkara çäreler Watanymyzyň dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň tarapdarydygyny hem-de äleme aýan edýändigini belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmen medeniýetini, sungatyny ösdürmekde we ony dünýä ýaýmakda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.