logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Milli medeniýetimiz galkynýar

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň gurnamagynda geçirilen «Milli medeniýetimiz galkynýar» atly söhbetdeşlikde, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri türkmen halkynyň milli mirasyny, taryhyny, medeniýetini we ruhy gymmatlyklaryny wagyz edýän egsilmez hazynadyr. Bu eserler ýaş nesli terbiýelemekde we watansöýüjilik ruhuny berkitmekde uly ähmiýete eýedir. Çünki kitap kämilligiň gözbaşy. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir eserleri ýaşlaryň ýankitabyna öwrülip, giň ykrarnama eýe bolýar. Il arasynda «Haýsy ýurtda asudalyk, parahatlyk, agzybirlik bar bolsa, şol ýurt toý-baýramlara, taryhy wakalara baýdyr» diýen ajaýyp jümle bar. Döwrümizi şatlykly wakalara besleýän hormatly Prezidentimiz peder ýoluny mynasyp dowam etdirmek bilen, ýurdumyzy gülledip ösdürmekde beýik işleri durmuşa geçirýär. Berkarar Diýarymyzy beýik ösüşler, ynsanperwer ýörelgeler bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!