logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Milli Medeniýetimiz galkynýar

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, “Arkadag” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda “Milli Medeniýetimiz galkynýar” atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanda pederlerimizden miras galan däp-dessurlaryň we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň türkmen halkynyň döredijilik kuwwatyny, milli medeniýetiniň ösdürilmegine örän uly ähmiýet berilýär. Medeni diplomatiýa döwlet syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde garalýar. Medeniýet ulgamynyň gazanan üstünlikleri sungatyň dürli görnüşlerini gaýtadan dikeltmäge we ösdürmäge şeýle-de giň halkara medeni gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge ýardam edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, türkmen medeniýetini, sungatyny äleme ýaýmakda amala aşyrýan nusgalyk işleri dogrusynda giňişleýin söhbet edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda medeniýetiň ösdürilmegi ugrunda irginsiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.