logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MILLI MEDENIÝETIMIZIŇ BELENT WASPY

Ahal welaýatynyň «Türkmeniň ak öýi» binasynda medeniýet hepdeligi we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Miras»,«Aşgabat » teleýaýlymlary bilen bilelikde «Milli medeniýetimiziň belent waspy» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaraly bellenilmegi halkymyzyň toýunyň toýlara ulaşýandygyny,toý -baýramlarymyzyň goşa-goşadan toýlanýandygyny uly buýsanç bilen nygtadylar.

Çykyş edenler söhbetleriniň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.