logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MILLI MEDENIÝETIMIZIŇ BELENT WASPY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda “Milli medeniýetimiziň belent waspy” ady bilen Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý dabaralary merkezinde söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary şeýle hem gaýtalanmajak medeniýeti, sungaty dünýäniň medeni-ruhy hazynasynda mynasyp paýynyň bardygy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýetimizi ösdürmek, dünýä ýaýmak, halkyň bagtyýar, milli medeni özboluşlylygyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirýän ägirt uly işleri buýsanjyňa buýsanç, guwanjyňa guwanç goşýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de milli mirasymyza uly sarpa goýan halkymyzyň köpasyrlyk durmuş tejribesi esasynda medeniýetimiziň aýrylmaz bölegine öwrülendigi barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.