logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MILLI MEDENIÝETIMIZIŇ WE SUNGATYMYZYŇ WASPY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň waspy» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede dost-doganlygyň ýurdy hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilen ata Watanymyz Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda medeniýet ulgamyna aýratyn üns berilýändigi, milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagy ugrunda ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy, her ýylyň 27-nji iýunynda «Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet» güni uly dabaralara beslenip geçilýändigi, elbetde bu goşa baýramçylygyň utgaşykly bellenilmeginiň uly manysynyň bardygy, ýagny akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet, erkinlik, ynsanperwerlik hakyndaky arzuw-islegleri ajaýyp döwrümizde hasyl bolmagy, şahyryň özbaşdak döwlet baradaky gymmatly ündewleri, ýörelgeleri bolsa biziň bagtyýar döwrümiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendigi barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň talyplary Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen birnäçe aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.