logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Milli medeniýetiň köpöwüşginli baýramçylygy

Medeniýet hepdeliginiň jemleýji gününde oňa gatnaşyjylar irden Balkanabat şäherindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine ter gül çemenlerini goýup, söz ussadyny sarpaladylar.

Soňra Balkanabat şäherindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynda Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Dabarada çykyş eden medeniýet we sungat, döredijilik işgärleri şu ýyl Balkan welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň netijelerini jemläp, onuň dowamynda guralan çäreleriň, şol sanda döredijilik duşuşyklarynyň, sungat ussatlarynyň konsertleriniň, kinofilmleriň we sahna eserleriniň görkezilişleriniň, sergileriň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ajaýyp wakalarynyň üstüni ýetirendigini nygtadylar. Döredijilik forumynyň dowamynda geçirilen çäreler ruhy joşgunyň we milli ýörelgeleriň sazlaşygyny aýdyň görkezdi. Çykyş edenler giň gerimli sungat baýramçylygynyň geçirilmegi babatda döredilen ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Soňra dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagy okaldy. “Türkmen medeniýetini we sungatyny gülledip ösdürmek, dünýä derejesine çykarmak maksady bilen geçirilýän medeni çäreler, bäsleşikler, sergiler täze, döwrebap many-mazmuna eýe bolýar. Ähli ugurlarda amala aşyrylýan özgertmeler medeniýet we sungat işgärlerini has kämil eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Häzirki döwürde medeniýet ulgamynda gazanylýan ösüşler jemgyýetimizde ruhy galkynyşy artdyrmaga, bagtyýar raýatlarymyzyň watansöýüjiligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen bilelikde bellenilmegi akyldar şahyrymyzyň berkarar döwlet baradaky arzuwlarynyň häzirki ajaýyp döwrümizde hasyl bolýandygynyň, dana Pyragynyň sarpasynyň belent derejä göterilendiginiň aýdyň güwäsidir” diýlip, Gutlagda nygtalýar. Soňra 2027-nji ýylda Medeniýet hepdeliginiň Daşoguz welaýatynda geçiriljekdigi barada hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary okaldy. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk konserti ýaýbaňlandyryldy.

Ajaýyp tomaşa zalynda ruhubelent aýdymlar ýaňlandy. Dabara artistleriň, meşhur tans toparlarynyň türkmen halk dessanlarynyň äheňinde döreden folklor çykyşlary bilen dowam etdi. Baýramçylyk gününde Magtymguly Pyraga bagyşlanyp döredilen döredijilik eserleri hem mynasyp orna eýe boldy. Aýdym-sazlarda milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ýeten derejesine, dana Pyragynyň ussatlygyna bolan ählihalk buýsanjy öz beýanyny tapdy.

Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine we sazyna döredilen “Kalbymda sen” atly aýdym konserte gatnaşyjylar tarapyndan dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Ýurdumyzyň birleşen folklor toparlarynyň bilelikde ýerine ýetiren “Küştdepdi” tansy hem uly joşgun döretdi. Konsert oňa gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeklerinde “Size şöhrat, Size şan, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!” atly ajaýyp aýdym bilen tamamlandy.

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligini kabul etjek sebit hökmünde Daşoguz welaýatynyň wekillerine göçme kubok gowşuryldy. Soňra medeni foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

***

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi.

Agşamlyk «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňündäki meýdançada söz ussadynyň şygryýet toýy mynasybetli geçirilen döredijilik agşamy aýratyn täsirliligi bilen tapawutlandy. Oňa medeniýet, sungat, döredijilik, bilim işgärleri, talyplar, görnükli şahyryň eserleriniň köp sanly muşdaklary gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Köpetdagyň bu gözel künjegi medeniýet işgärleriniň duşuşyklarynyň ýygy-ýygydan guralýan ýerine öwrüldi. Döredijilik agşamynda çykyş edenler şahyryň öz döwrüniň öňdebaryjy pikirlerini öňe sürmek arkaly şygryýet dünýäsini baýlaşdyryp, döredijilik äleminde täze sahypany açandygyny bellediler.

Çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragynyň belent pähim-paýhasyndan dörän ajaýyp goşgular halkymyzyň hasyl bolan köpasyrlyk arzuw-hyýallarynyň senasy hökmünde ýaňlandy.

Bular barada döredijilik agşamyna gatnaşan ýazyjy-şahyrlaryň çykyşlarynda täsirli beýan edildi. Dag eteginde guralan çäräniň aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşmagy onuň ähmiýetini artdyryp, mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Aşgabat, Arkadag şäherlerindäki, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky medeni ojaklarda hem baýramçylyk çäreleri geçirildi, çeper filmleriň, sahna oýunlarynyň, sirk tomaşalarynyň görkezilişleri boldy.