Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt” köşgi toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Milli medeniýetiň ösen zamany, arzuwlaryň hasyl boldy Pyragy» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe rowaçlyklara beslenýän “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň her bir güni toý – baýramlara beslenýändigi, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek ugrunda uly işleriň amala aşyrylýandygy, munuň özi ýurdumyzda medeniýeti, sungaty, edebiýaty ösdürmäge, halkymyzyň döredijilik kuwwatyny, zehinini açyp görkezmäge oňyn ýardam berýändigi barada çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda Medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, şahyryň okap beren şygyrlary, gurnalan göçme kitap sergisi çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda şeýle beýik işleriň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.