logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MILLI MEDENIÝETIŇ ÖSEN ZAMANY, ARZUWLARYŇ HASYL BOLDY PYRAGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Milli medeniýetiň ösen zamany, Arzuwlaryň hasyl boldy Pyragy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Medeniýet hepdeligi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2023-nji ýyldan bäri Diýarymyzyň dürli sebitlerinde geçirilip, milli medeniýetiň köp öwüşginliligini aýdyň açyp görkezýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de medeniýet milletiň müňýyllyklarynyň dowamynda kemala gelen maddy, ruhy gymmatlyklarynyň we kadalarynyň toplumy bolup, geljekki nesilleriň ruhy-ahlak jähetden kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalaryň edilýändigi barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Çäräniň dowamynda talyplaryň ýerine ýetirmeklerinde birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy, bu bolsa çäräniň täsirli bolmagyny has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimizi ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.